- üşemek
- işlikSowuk örän täsir etmek, sowuk iýmek.∙ Gir, Altyn jan, üşänsiň, ýylyn! -- diýip, işikde nähili bolup duranyny bilmän duran Altynyň elinden tutup, çekip tamyna saldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Garaňkydan üşäp gelen Muhammedowyň bir bada gözi gamaşdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.